Türkmenistan Russiýadan 1100 sany täze wagon satyn alar

  • 22.07.2020 12:38
  • 27k+

«Türkmendemirýollary» agentligi dolanyşykda düzümiň parkyny täzelemegiň çäklerinde Russiýa Federasiýasyndan 1100 sany täze wagon, ýagny 300 sany üsti ýapyk, 300 sany ýarym açyk wagonlary we 500 sany nebit-benzin çeleklerini (sisternalary) satyn almagy meýilleşdirýär.

Russiýanyň Söwda wekilhanasynyň ýolbaşçylary we ekspertleri «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň arasynda «Трансмашхолдинг», «НПК «Уралвагонзавод», «Алтайвагон» paýdarlar jemgyýetleriniň hem-de «Транспутьмаш» söwda öýüniň wekilleri bilen bilelikde iş wideokonferensiýasyny guradylar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Senagat we Söwda ministrliginiň internet portalyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.
Maslahata gatnaşyjylar demirýol enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek babatynda rus-türkmen ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, söhbetdeşlikde rus demirýol önümleriniň türkmen tarapynyň bu pudakdaky talaplaryna laýyk gelmeginiň ähmiýeti bellendi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi barada hem ylalaşdylar. Çäräniň netijesinde, gatnaşyjylar ýygnagyň netijeliligi barada ylalaşdylar we mundan beýläkki gepleşikler babatda meseleleri belläp geçdiler

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......