AŞTU Aşgabadyň 30-njy kiçi etrapçasyny Ethernet toruna birikdirdi

  • 20.07.2020 23:04
  • 10k+

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti paýtagtyň etraplarynyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda Ethernet gurşawynyň çägini giňeltmegi dowam etdirýär. Turkmenportal agentliginiň guramanyň resmi web sahypasyna salgylanyp habar bermegine görä, Aşgabadyň 30-njy kiçi etrapçasynyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda esasy optiki-süýümli kabel aragatnaşyk geçirijileri ulanyşa goýberildi. Ýagny müşderileriň öýlerine Ethernet kabelleri çekildi. Netijede bolsa, abonentlere berilýän telefon aragatnaşygy, IP-telewideniýe we Internet hyzmatlarynda ep-esli ilerleme gazanyldy.

Ethernet – kompýuter we senagat torlary üçin niýetlenilen enjamlaryň arasynda maglumat çalşygy tehnologiýalarynyň maşgalasydyr.
Häzirki wagtda baglanyşygyň hili, trafigiň mukdary we bahalary taýdan “Turkmentelecom”-dan tapawudy bolmadyk AŞTU öý Internetine birikmek üçin kompaniýanyň ofisine baryp, beýannama ýazmak, şeýle hem başlangyç tölegi tölemek ýeterlikdir. Fiziki şahslar üçin ähli ýokary tizlikli internet nyrh meýilnamalary elýeterlidir: 256 kbit/sek, 512 kbit/sek, 1024 kbit/sek we 2048 kbit/sek.

düýn 18:51
3.4k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....