Türkmenistan ÝB-niň maýa goýum gaznasynyň birnäçe taslamasyna agza bolup biler

  • 20.07.2020 18:00
  • 13k+

Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa maýa goýum gaznasynyň birnäçe taslamasyna gatnaşyp biler diýip, Trend agentligi Bileleşigiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maglumatyna esaslanyp habar berýär.

Wekilhananyň berýän habaryna görä, 2019-njy ýylyň ahyrynda başlanan bu taslamalaryň arasynda şular bar: Merkezi Aziýada maýa goýumlaryny, bäsdeşlige ukyplylygy we söwdany goldamak; Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa: suw, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlyk we Merkezi Aziýanyň energiýa we suw ösüş maksatnamasy; ÝB-Merkezi Aziýa Hukuk Dolandyryş Maksatnamasy; Maliýe durnuklylygyny güýçlendirmek we Merkezi Aziýada töwekgelçiligi azaltmagy çaltlaşdyrmak.
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň 2010-njy ýylyň awgust aýynda güýje giren Söwda we onuň bilen baglanyşykly meseleler boýunça wagtlaýyn Şertnama bilen dolandyrylýar diýip, ÝB-niň Türkmenistandaky wekili düşündirýär. “Ikitaraplaýyn ösüş hyzmatdaşlygy umumy we hünär bilim ulgamlaryny berkitmäge, Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmäge, döwlet maliýe dolandyryşyny hasam kämilleşdirmäge, hususy pudagyň ösüşine we oba hojalygy we oba syýasatlaryna goldaw bermäge gönükdirilendir” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýeri gelende ýatlap geçsek, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy 2019-njy ýylyň iýul aýynda açylypdy.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......