BMG-niň Baş Sekretary: dünýäniň baýlygynyň ýarysyny 26 adam özara paýlaşdylar

  • 18.07.2020 23:24
  • 15k+

Dünýäniň ähli baýlygynyň ýarysyny 26 adam eýeledi diýip, BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş habar berdi. Muny regnum.ru ýetirýär. Deňsizligi biziň döwrümiziň alamaty diýip atlandyrmak bilen, halkara guramanyň ýolbaşçysy planetanyň ilatynyň diňe ykdysady tarapy alanyňda 70%-den gowragynyň barha artýan deňsizlik şertlerinde ýaşaýandygyny aýtdy.
“Dünýäde 26 sany iň baý adama planetanyň ilatynyň ýarysyna näçe maddy nygmat degişli bolsa, şonçasy degişli”.

Ýöne deňsizlik diňe bir girdeji bilen ölçenilmeýär, mundan başga-da deňsizlik bar diýip, BMG-niň Baş Sekretary belleýär, ýagny durmuşda nämedir bir zada ýetmekde mümkinçilikleriň deň hukuksyzlygy. Käbirlerinde şeýle mümkinçilik köp, beýlekilerde ýok diýen ýaly. Bu ýagdaý topara, jynsa, millete, saglyk ýagdaýyna we beýleki birnäçe şertlere bagly bolýar.
Guterreşiň aýtmagyna görä, pandemiýadan soň ösüp barýan ýurtlar öňkä garanda has gowşak ykdysady ýagdaýa düşdüler. Onuň pikiriçe, mikroskopik wirus ähli dünýäni “dyza çökerdi”. BMG-niň çaklamasy boýunça, 100 mln adam garyplyga düşüp biler. “Ösen ýurtlar häzirki günde jogap çärelerine we ykdysadyýeti goldamaga trillionlary sarp edýärler. Afrika hem şulary eder ýaly mümkinçilige eýe bolmaly” – diýip, Guterreş belleýär.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň baş kätibi garyp ýurtlara, esasanam, Afrika kömek etmäge çagyrdy: “Oňa JIÖ-iň, takmynan, on göterimi möçberinde göni goldaw gerek, $200 mlrd töweregi serişde gerek”.

şu gün 11:02
991

Kriştianu Ronaldu Dreame brendiniň global ilçisi boldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Hytaýyň meşhur tehnologiýa brendi bolan Dreame kompaniýasynyň dünýä derejesindäki global ilçisi boldy....

25.05.2026 15:22
3.2k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

25.05.2026 07:34
3k+

Lego ilkinji BMW M3 E30-y konstruktor görnüşinde çykarar

Lego kompaniýasy birinji nesil BMW M3 E30 kupesine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasyndan täze toplumy taýýarlaýar. Konstruktoryň satuwy 1-nji awgustda başlanar....

22.05.2026 20:30
2.4k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....