KHDR koronawirusa garşy hususy sanjymyny taýýarlamaga girişdi

  • 18.07.2020 23:10
  • 11k+

KHDR-iň alymlary koronawirus ýokanjyna garşy hususy sanjymyny taýýarlamaga başladylar. Bu barada KHDR-yň ylmy-barlag geňeşine salgylanmak bilen Yonhap günorta koreý agentligi habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda sanjym kliniki synag tapgyrynda ýerleşýär. Demirgazyk Koreýanyň alymlarynyň tassyklamagyna görä, olara sanjymyň howpsuzlygyny hem-de haýwanlarda synag edilende onuň COVID-19-a immuniteti emele getirmäge ukybyny subut etmek eýýäm başartdy.
Wibrionlaryň aýratyn gurluşyndan düzülen wirus sanjymy wirusyň bir ýa-da birnäçe arassalanan üstki immunogen beloklaryndan ybarat bolup, onuň janly böleklerini saklamaýar, şonuň üçin ol howpsuz hasaplanylýar. Olar diňe organizmde immun jogabyny döretmäge gönükdirilen. Rekombinant we wibronlaryň aýratyn gurluşyndan düzülen sanjymlar hem şol bir esasda, ýöne gen inženeriýasynyň usullaryny ulanmak bilen hereket edýärler. Wirusyň genetiki materialyny gerekli antigeni döredýän başga bir öýjüklere, meselem, mikroskopik kömelekleriň öýjüklerine ýa-da mör-möjekleriň öýjüklerine goýberýärler. Şundan soň antigeni bölüp aýyrýarlar, arassalaýarlar we sanjym taýýarlaýarlar.
Häzir synagyň üçünji tapgyryna geçmek baradaky mesele çözülýär. Sanjymy taýýarlamak bilen Demirgazyk Koreýanyň Lukmançylyk ylymlary akademiýasynyň garamagyndaky biomedisina institutynyň barlagçylary meşgullanýarlar.
Resmi maglumatlara laýyklykda, häzirki günde KHDR-da koronawirus keseliniň ýekeje ýagdaýy hem ýüze çykarylmady. Şunuň bilen baglylykda sanjymyň adamlardaky synagyna geçmek meseleli bolup biler.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....