BSGG Türkmenistandaky missiýasyny tamamlady

  • 16.07.2020 12:10
  • 42k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ýokary derejeli hünärmeni, wekiliýetiň başlygy doktor Ketrin Smolwud düýn geçirilen brifingde Türkmenistanyň hökümetiniň wekiliýet üçin ýörite uçuş gurnajakdygyny aýtdy.
Saparynyň çäginde 6-njy iýuldan başlap, BSGG-nyň wekilleri dürli ambulatoriýa we hassahana lukmançylyk edaralaryna, Lebap we Balkan welaýatlaryndaky, Aşgabat şäherindäki barlaghanalara, döwlet serhedindäki geçelgelere, hususan-da Özbegistan we Owganystan, şeýle hem Türkmenistana deňiz derwezesi bolan Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp gördüler. Hünärmenler epidemiologiki gözegçilik, laboratoriýa diagnostikasy, näsaglary kliniki dolandyrmak, öňüni alyş çäreleri we ýokançlyklara gözegçilik pudagynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri biziň ýurdumyzda 10 günlük saparynyň netijelerine esaslanyp, milli saglyk ulgamyny we beýleki döwlet edaralaryny mundan beýläk-de ösdürmek işinde türkmenler tarapyndan göz öňünde tutuljak maslahatlary we teklipler toplumyny taýýarladylar.
Dünýäniň hiç bir ýurdunda bu pandemiýa hakynda doly maglumat ýok. Şu güne çenli Türkmenistanda koronawirus ýokuşmasy bilen baglanyşykly hiç hili tassyklanan maglumat ýok we beýle maglumat BSGG tarapyndan hem hasaba alynmady. Missiýanyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy milli häkimiýetler bilen işini dowam etdirer.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......