Russiýada koronawirusa garşy dünýäde ilkinji sanjymyň synagy tamamlandy

  • 13.07.2020 19:00
  • 31k+

Seçenow adyndaky Moskwa döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenleri SARS-CoV-2 koronawirusyna garşy dünýäde birinji sanjymyň synagynyň üstünlikli tamamlanandygyny habar berdiler. Muny russian.rt.com ýetirýär. Ýakyn wagtda tejribä gatnaşan meýletinçiler adaty durmuşyna dolanyp bararlar, olary goýbermek 15 we 20-nji iýula bellenilen. Olaryň saglygyna we immunitet ýagdaýyna lukmanlar gözegçilik ederler. Alymlar sanjymyň düzüminde koronawirusyň ýokdugyny habar berdiler, ýagny gürrüň serişdäniň emeli döredilendigi barada gidýär.

“Synag üstünlikli geçdi, sanjymyň howpsuzlygy tassyklanyldy. Ol adamlarda ulanylýan, häzir bazarda bar bolan sanjymlaryň howpsuzlygyna deň gelýär” – diýip, Seçenow uniwersitetiniň transmissiýa keselleriniň institutynyň müdiri Aleksandr Lukaşew belleýär.
Onuň aýtmagyna görä, synagdan öň meýletinçiler doly derejede barlagdan geçirildi, şol sanda koronawirusa garşy antibedenjikleriň ýoklugy hem barlanyldy.
Synagyň başlaýandygyny 18-nji iýunda Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Şonda edarada barlaga 38 meýletinçiniň gatnaşýandygyny aýtdylar. Barlaga gatnaşyjylaryň hataryna 18-den 65 ýaş aralygyndaky erkekler we aýallar girdi. Lukaşew meýletinçileriň iki topara bölünendigini, birinji toparyň bir doza sanjymy, ikinji toparyň ikisini alandygyny belledi. Lukmanyň aýtmagyna görä, bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagyndan başga, sanjym goýberilenden soňky birinji günlerde meýletinçilerde hiç hili negatiw täsirlenmeler ýüze çykarylmady, olaryň ählisi özüni gowy duýýardy.
Russiýada bir gije-gündizde COVID-19-yň 6615 sany täze ýagdaýy hasaba alyndy. Epidemiýanyň başlananyndan bäri ýurtda COVID-19 keseli 727 162 adamda tassyklanyldy, olardan 501 müňden gowragy eýýäm sagaldy (3615 sanysy soňky gije-gündizde). Şu wagta çenli 11 335 sany ölüm bellige alyndy.

16.04.2026 16:48
4.8k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
2.9k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....

15.04.2026 17:32
2.8k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň irki alamatyny anykladylar. Bu - ys duýmagyň ýitmegi

Ys duýuşyň peselmegi, entek ýatkeşlik bilen bagly mesele döremezden öň hem, Alsgeýmer keseliniň ilkinji alamatlarynyň biri bolup biler. Bu Germaniýanyň Neýrodegeneratiw keselleri öwreniş merkeziniň we......

09.04.2026 20:12
8.3k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....