Taryhda ilkinji gezek bütin dünýäde talyplaryň we okuwçylaryň okuwy togtadyldy

  • 13.07.2020 18:48
  • 18k+

Koronawirus adamzat taryhynda ilkinji gezek bütin dünýäniň mekdeplerinde we uniwersitetlerinde bilim beriş işini bozdy diýip, çagalaryň hukuklaryny goramak bilen meşgullanýan Save the Children halkara guramasy aýtdy. Bu barada guramanyň hasabatyna esaslanýan BBC News-a salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, karantin çäreleri sebäpli okuwa gatnamagyny bes edenleriň sany 1,6 milliarda ýetdi, bu bolsa ähli okaýanlaryň 90%-ine deňdir.

Hasabatda aýdylmagyna görä, bilim üçin berilýän serişdeleriň azalmagy we pandemiýa sebäpli garyplygyň ýokarlanmagy zerarly, takmynan, 10 million çaga okuwa gatnap bilmez. Epidemiýanyň ykdysady netijeleri ýene 90-dan 117 milliona çenli çagany garyplyga eltip biler. Bu hem okuw jaýlaryna gatnalyşyna ýaramaz täsir eder diýip, Save the Children çaklaýar.
Hasabatda aýdylmagyna görä, bilim bilen baglanyşykly iň erbet ýagdaý Nigerde, Malide, Çadda, Liberiýada, Owganystanda, Gwineýada, Mawritaniýada, Ýemende, Nigeriýada, Pakistanda, Senegalda we Kot-d'Iwuarda ýüze çykýar.
Save the Children garyp ýurtlaryň birnäçesinde bilimiň 77 milliard dollar ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini çaklady. Gurama donor ýurtlary we beýleki gurluşlary şeýle ýurtlara uzak aralyk okuwyny guramak üçin pul bermäge, şeýle hem pes girdejili ýurtlar üçin 14 milliard dollara çenli bilim maksatnamalaryna gönükdirip bilmekleri üçin karz töleglerine moratoriýa girizmäge kömek bermäge çagyrdy.

düýn 18:58
1.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.1k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

22.06.2026 01:15
4.2k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......