Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak we 1 metr aralygy saklamak maslahat berilýär — TSG we DSM

  • 12.07.2020 23:15
  • 28k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkeziniň habar bermegine görä, soňky günleriň dowamynda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde, günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan Türkmenistanyň çäklerine howa akymynyň aralaşmagy sebäpli, howada tozanyň düzüminiň agdyklyk edýändigi bellige alyndy. Bu bolsa adamyň saglygy, ozaly bilen, dem alyş ulgamy üçin amatsyzdyr. Tomus paslynda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin hökman degişli maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek zerurdyr.

Şu günler howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy - ekzogen täsirini peseltmek we howadaky tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berilýär.

Şunda howpsuz aralygy, ýagny 1 metrden az bolmadyk aralyk saklanylmalydyr hem-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip - düzgünleri berk berjaý edilmelidir.

Tomus paslynda daşky gurşawyň yssy howasyny göz öňünde tutup, daşardan gyzyp gelip, birbada sowuk ýa-da sowadyjy işleýän otaga girmeli däl, sowadyjynyň gabadynda durmaly däl, aşa sowuk suwy içmeli däl.
Sebäbi bu hereket dowamly keselleriň ýitileşmegine getirip bilýär.
Bu ýönekeý, emma örän möhüm kadalary berk berjaý etseňiz, ýylyň islendik döwründe janyňyz sag bolar.

şu gün 18:05
622

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......