Antaliýa syýahatçylyk akymy iýulda tas 30 müňe çenli ýokarlandy

  • 12.07.2020 23:04
  • 5.1k+

Türkiýäniň Antaliýa şäheri iýulyň geçen hepdesinde 27 müň töweregi myhmany kabul etdi. Bu barada “Hurriyet Daily News” gazetine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär. 

Türkiýäniň professional myhmanhana menejerleriniň assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Ýulkaý Atmaja 10,5 müň töweregi syýahatçynyň şähere Ukrainadan gelendigini belledi. Iýun aýynda meşhur türk şypajaýyna 21 müňden gowrak daşary ýurt syýahatçylary bardy. Syýahatçylyk akymy Gazagystandan we Belarusdan gelen syýahatçylar bilen hem belli boldy.
“Gazaklardan, belaruslardan we ukrainlerden 1-nji iýulda başlanan syýahatçylyk akymy dowam edýär. 10 müňden gowrak ukrainler iýulyň birinji hepdesinde geldiler we eýýäm öz watanyna dolandylar” – diýip, Ýulkaý Atmaja belleýär. Onuň aýtmagyna görä, Antaliýanyň syýahatçylyk guramalary koronawirus epidemiýasy sebäpli tutuş dünýäde girizilen karantin çäklendirmelerinden soň ýokary depgin bilen dikelýär.

düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....