Gresiýanyň indiki hepdeden serhetleri gaýtadan ýapmagy mümkin

  • 12.07.2020 12:04
  • 8.6k+

Gresiýanyň indiki hepdeden COVID-19 ýokanjynyň sanynyň ýokarlanýandygy sebäpli daşary ýurtlular üçin serhetleri gaýtadan ýapmagy mümkin diýip, diýip “The Sun” neşiri habar berýär. Muny tourism.interfax.ru ýetirýär.

“1-nji iýulda Gresiýa serhetleri açandan soň, 100-den gowrak daşary ýurt syýahatçylary koronawirus barlagynda položitel netije berdiler. Ýurduň hökümeti indiki hepdeden Gresiýanyň gatnawlara ýene-de çäklendirme girizmeginiň mümkindigini belledi” – diýip, gazet ýazýar.
Çäklendirmeleriň duşenbe gününden girizilmegi mümkin. Ýurtda barlaryň we restoranlaryň inspeksiýalarynyň sanyny hem köpelderler. Ol ýerde koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň sany artýar. Ýurduň ýolbaşçylygynda syýahatçylar pandemiýa döwründe, köplenç, howpsuzlyk boýunça talaplardan ýüz öwürýärler diýip hasaplaýarlar.
Gresiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginde daşary ýurt syýahatçylarynyň arasynda koronawirusyň “alamatsyz” ýagdaýlary bilen bagly hem alada galýarlar. Ol ýerde syýahatçylygyň töwekgelçilik bilen baglydygyny, serhetleriň açylmagynyň netijesiniň bolsa üç hepdeden belli bolýandygyny aýdýarlar.
Öň, Gresiýa serhetleri Serbiýanyň syýahatçylary üçin ýapdy, sebäbi hut bu ýurduň syýahatçylarynda COVID-19 köp bellige alyndy.

şu gün 09:50
2.9k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.1k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
7k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......