Dünýä banklary 2021-nji ýyla çenli dollaryň pese gaçjakdygyny aýtdylar

  • 11.07.2020 22:36
  • 29k+

Uly dünýä banklary 2021-nji ýyla çenli amerikan walýutasynyň pese gaçjakdygyny aýtdylar. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, ikinji ýarymýyllykda dollar ýewro gatnaşygy boýunça 2%, iýena gatnaşygy boýunça 3% gowşar. Muny argumentiru.com ýetirýär. Ýylyň ahyryna çenli ýewro $1,10-$1,16 derejesinde söwdalaşar, ýapon walýutasy bolsa şu günki dollara 107 iýenadan 100-104-e çenli galar. Agentligiň maglumatlary boýunça, dollaryň pese gaçmagynyň esasy sebäbi onuň walýuta-gaçybatalga hökmünde özüne çekijiliginiň ýuwaş-ýuwaşdan gowşamagyndan ybaratdyr.
Esasanam, UBS Group AG şweýsar holdinginiň wekili ABŞ-nyň walýutasynyň çäklendirmeleri aýyrmak bilen iş hereketini dikeldiş fonunda ornuny ýitirýändigini aýdýar. Ýöne ol epidemiýanyň indiki ösüş ssenariýasyny kesgitlemegiň mümkin däldigini belledi. Käbir hünärmenleriň pikiriçe, ýewronyň hümmetine Ýewrokomissiýada ykdysadyýeti dikeltmek boýunça meýilnamanyň işlenilip taýýarlanylmagy hem oňyn täsir edýär.
Iýena barada aýdylanda, ýurtda ýapon hökümeti tarapyndan çökgünlige garşy birnäçe çäreleriň kabul edilendigine garamazdan, ykdysadyýete uly urgy uran koronawirus bilen bagly ýagdaý esasy howpy döredýär. Citigroup maliýe kompaniýasynda häzirki hereketleriň ýeterlik däldigini, şonuň netijesinde hümmetiň dollara 110 iýena çenli düşjekdigini bellediler. Ýöne HSBC britan bankynda dünýäde kesellemegiň täze ýaýrawlarynyň we gaýtadan çäklendirmeleri girizmegiň fonunda iýena özüniň hopwsuz walýuta derejesi bilen berkär diýip hasaplaýarlar.
Bütindünýä bankynyň maglumatlary boýunça, dünýä ykdysadyýeti şu ýylda 5,2 göterim kemeler. Ýagdaý has ýaramazlaşan ýagdaýynda pese gaçma sekiz göterime barabar bolup biler.

düýn 22:44
1.5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
5.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.5k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....