Gruziýa daşary ýurt syýahatçylary üçin serhetlerini açdy

  • 10.07.2020 11:26
  • 4.5k+

Gruziýa Ýewropa Bileleşiginiň bäş ýurdundan — Germaniýadan, Fransiýadan, Litwadan, Latwiýadan we Estoniýadan syýahatçylary kabul edip başlady. Bu barada kavkaz-uzel.eu habar berýär. Bir gije-gündizde ýurtda koronawirus bilen kesellemegiň bäş ýagdaýy hasaba alyndy, olardan dördüsi ýurduň çäginden daşary keselleme bilen bagly.

Gruziýanyň premýer-ministriniň maslahatçysy Irakliý Çikowaniniň aýtmagyna görä, bu ýurduň raýat-wekilleri Gruziýa dynç alyş wagtynda nirede bolmagy we nirä barmagy meýilleşdirýändigini görkezmek bilen ýörite elektron anketany dolduryp, diňe göni awiagatnawlar bilen gelip bilýärler. Ýöne olar soňky 14 günde özleriniň gezelençleri barada doly derejeli maglumat bermeli bolarlar. Aeroportda daşary ýurt syýahatçylarynyň temperaturasy barlanar, eger-de ol 37 gradusdan ýokary bolsa, şol ýerde PCR usuly arkaly koronawirus üçin barlag geçiriler.
1-nji iýuldan Gruziýanyň yzygiderli halkara awiagatnawlaryna çäklendirmäni 31-nji iýula çenli uzaltmak bilen, daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk möwsüminiň başlamagyny bir aý soňa goýandygy belli boldy. Ýöne Ýewropa Bileleşigi Gruziýany 30-njy iýunda ÝB-a agza-ýurtlaryň serhetlerini açyp biljek 15 ýurdunyň sanawyna goşdy.
Gruziýanyň serhetleri daşary ýurtlular üçin 18-nji martdan bäri ýapykdy. Ýurduň hökümeti maýda serhetleriň 1-nji iýulda açyljakdygyny habar etdi, ýöne telekeçiler syýahatçylyk akymynyň pesligi sebäpli syýahatçylyk möwsüminiň üstünlikli boljakdygyna şübhelendiler. Pandemiýa şertlerinde syýahatçylyk üçin howpsuz ýer adyna eýe bolmak bilen Gruziýa 2020-nji ýylda tomusky syýahatçylyk möwsümini halas etmekçi bolýar diýlip, “Kawkaz uzeli” internet-HBS-inde aýdylýar. Çikowaniniň aýtmagyna görä, ýurda ÝS-nyň beýleki ýurtlaryndan hem ýaşaýjylar gelip bilýär, ýöne olar özleriniň hasabyna iki hepdelik karantini geçmeli bolarlar. Umumy alanyňda, Gruziýa 18 ýurtdan raýatlara girmäge rugsat berilýär.

düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....