СOVID-19 pandemiýasy döwründe kärhanalary goldamak babatda hökümet syýasaty maslahatlaşyldy

  • 10.07.2020 11:03
  • 12k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleriniň hem-de Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen maslahat СOVID-19 pandemiýasy döwründe kärhanalary goldamak babatda hökümet syýasatyna bagyşlandy.
Wideoduşuşygyň gün tertibine СOVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmegiň çäreleriniň çäklerinde Ýewropada we Merkezi Aziýada kärhanalaryň durnuklylygyny pugtalandyrmak hem-de olara ýardam bermek meseleleri girizildi. Oňa gatnaşyjylara Bütindünýä bankynyň degişli tanyşdyryş çäresi hödürlenildi.
Pandemiýa garşy göreşmek we onuň netijelerini azaltmak hem-de aradan aýyrmak boýunça ädilýän ädimler işiň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek bilen utgaşdyrylmalydyr. Işiň şol usullary ähli döwletlere milli maliýe-ykdysady ulgamlaryň hem-de tutuş ählumumy ykdysadyýetiň işini kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik bermelidir.
Munuň üçin halkara bileleşiginde tagallalaryň ýokary derejesini üpjün etmek, özara gatnaşyklaryň täze usullaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak zerurdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Sebit hem-de dünýä möçberinde ykdysady işiň häzirki we geljekki durnuklylygy hem köp babatda şuňa baglydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ählumumy çökgünligiň milli ykdysadyýete ýaramaz täsirine garşy durmak boýunça giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Şolar milli ykdysadyýetiň bolup geçýän özgerişliklere uýgunlaşmagyny hem-de daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azaldylmagyny üpjün edýär.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......