Ýeriň magnit meýdanynyň üýtgeýiş tizligi 10 esse güýçlendi

  • 09.07.2020 00:45
  • 11k+

Magnit meýdany diňe nawigasion ulgamlar üçin däl-de, eýsem, ýerden daşary şöhlelenmelerden goranmak we atmosferany saklamak üçin möhüm. Onuň nähili üýtgeýändigine we hereket edýändigine düşünmek hem diýseň ähmiýetli. San-Diegoda Lid we Kaliforniýa uniwersitetleriniň alymlary Ýeriň magnit meýdanynyň ugrunyň ylmy hasaplamalarda görkezilen tizlikden on esse çalt üýtgeýändigini anykladylar. Barlagyň netijeleri “Nature Communications” žurnalynda neşir edildi. Muny terrnews.com ýetirýär.
Alymlaryň işiniň predmeti 1920-nji ýyldan bäri bolup geçen Ýeriň magnit meýdanynyň üýtgeýşi boldy. Olar regenerasiýa modelini döretdiler we bar bolan ähli maglumatlary birleşdirdiler.
Magnit meýdanynyň üýtgeýiş hadysasynyň tizleşmegini onuň lokal gowşamagy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýlelikde, polýarlygyň üýtgemegi bilen, meselem, haçan-da biologik meýdanyň oky geografik polýus bilen gabat gelmän, olardan ýerini üýtgedende belli bir gozganmalar bolup geçýär. Jikme-jik seljerme işleri ugruň has çalt üýtgemeginiň suwuk ýadroda akymlaryň hereketi bilen baglydygyny görkezýär. Şeýle hadysalar pes çuňluklarda giňden ýaýrandyr.
Alymlaryň aýtmagyna görä, 40 000 ýyl töweregi magnit meýdanynyň geografik polýusdan 2,5 gradus süýşmesi bolup geçdi, bu bolsa öz gezeginde onuň Merkezi Amerikanyň günbatar kenarýakasynyň radiusynda gowşamagyna sebäp boldy.
Öň, ylmy bileleşik magnit meýdany ýylda bir gradusdan ýokary süýşmeýär diýip çaklaýardy. Ýöne şu günki günde hünärmenler tapawudyň öň hasap edilişinden on, ýüz esse ýokary bolup biljekdigini tassyklaýarlar.

26.04.2026 15:51
8.3k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.7k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.9k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....