Koronawirusa garşy üstünlik: täze sanjym tapyldy

  • 07.07.2020 23:20
  • 17k+

Işläp taýýarlanan täze sanjym koronawirus ýokançlygyna garşy netijeli göreşip biler. Londonyň Imperial kollejiniň professory Robin Şattok bu serişdäniň esasy artykmaçlyklary barada gürrüň berdi, diýip tdnu.ru habar berýär.
ToDay News Ufa-nyň berýän habaryna görä, COVID-19-e garşy işlenip taýýarlanan sanjym köptaraplydyr. Lukmanlar bu serişdäniň täze epidemiýalara garşy göreşmek üçin ulanylyp bilinjekdigini aýdýarlar. Täze tehnologiýa bilen birnäçe hepdäniň içinde has arzan bahaly bu sanjymyň millionlarça dozasy öndüriler.
Şattok tarapyndan işlenip düzülen täze derman koronawirusa garşy göreşmek üçin beýleki sanjym nusgalaryndan tapawutlylykda sintetik usul arkaly öndürilýär. Hünärmen, sanjymdan soň, derman RNK-ny berkidip, wirusa garşy göreşde bedeniň immunitetini güýçlendirýär diýip düşündirýär. Mundan öňki sanjymlar bolsa diňe wirusy ýa-da belogy ösdürmäge esaslanýardy.
Professor dermanlaryň ilkinji nusgalary 2020-nji ýylyň awgust aýynda peýda bolar diýip çaklaýar. Sanjymlar 300 sany sagdyn meýletinçide barlanyp görler. Waksina täsirli we ygtybarly bolsa, 6000 adamdan ybarat topar bilen gözlegleri dowam etdiriler.

20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......