Saudi Aramco nebite bahany ýokarlandyrýar

  • 07.07.2020 15:37
  • 5.1k+

Saud Arabystanynyň Saudi Aramco döwlet nebit kompaniýasy Aziýa ýurtlaryna awgust aýynda nebiti ýola goýmak boýunça bahalary we Ýewropa hem-de ABŞ üçin resmi satuw bahalaryny (OSP) ýokarlandyrýandygyny habar berdi. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň resminamalaryna salgylanyp aýdýar. Muny kommersant.ru ýetirýär. 
Aziýa üçin bahalar barreline $1 gymmatlar, bu agentligiň sorag eden analitikleriniň pikiriçe, Aziýa ýurtlarynda nebite bolan islegiň gaýtadan dikelmegi bilen düşündirilýär. Şeýle-de, ABŞ üçin Arab Light nebitiň hiline baha iýul bahalary bilen deňeşdirilende barreline $0,3 galdyryldy, Demirgazyk-Gündogar Ýewropa üçin bolsa - $0,4.
Agentlik tarapyndan sorag edilen analitikler saud nebitine OSP-niň ýokarlanmagynyň ýörite jaýlarda saklanýan nebitiň satuw üçin ulanylmagyny işjeňleşdirip biler, bu bolsa bazar boýunça umumy alanyňda nebite bolan baha öz täsirini ýetirer diýip hasaplaýarlar.
Nebit bazarynda durnuksyz ýagdaý OPEK+ guramasynyň mejlisinden soň başlady. Saud Arabystany nebiti gazyp alyjylygy azaltmak boýunça ylalaşygy uzaltmak baradaky pikiri goldamady. Bu ylalaşyk birleşigiň ýurtlaryna nebiti gazyp alyjylygy maý-iýun aýynyň dowamynda bir gije-gündizde 9,7 mln barrel kemeltmegi göz öňünde tutýar. Russiýa we Saud Arabystany gazyp alyjylygy 11 mln barrel derejesinden bir günde 2,5 mln barrel azaltmaly. Beýleki ýurtlar gazyp alyjylygy 2018-nji ýylyň oktýabryndaky derejesinden azaldýarlar. Bu ylalaşyk 2022-nji ýylyň aprel aýynyň ahyryna çenli hereket eder. Ýatlap geçsek, geçen hepde “The Wall Street Journal” Saud Arabystanyň nebit bazarynda OPEK-iň beýleki agzalarynyň nebiti gazyp alyjylygy azaltmak bilen bagly beren wadasynda durmasalar, täze baha urşuna başlajakdygy bilen gorkuzandygyny ýazdy.

13.06.2026 15:16
6.1k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
10k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....