BSGG-niň «COVID-19» wekiliýetiniň Türkmenistana sapary başlanýar

  • 06.07.2020 16:45
  • 15k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) 5 adamdan ybarat wekiliýeti 6-njy iýuldan başlap, Türkmenistanda 10 günlük saparda bolar. BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň saýtynda neşir edilen BSGG-niň Ýewropa sebit býurosynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ýokary derejeli hünärmeni, BSGG-nyň Türkmenistandaky “COVID-19” wekiliýetiniň başlygy Katrin Smolwud bilen bolan söhbetdeşligi dykgatyňyza ýetirýäris.
Söhbetdeşikde BSGG-niň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary barada maglumatlar berlipdir.
1. BSGG-niň “COVID-19” wekiliýeti Türkmenistana gelýär. Bu wekiliýetiň maksady näme we BSGG hünärmenleri Türkmenistanda näçe wagt galar?
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekiliýetiniň 6-njy iýulda Türkmenistana gelip, milli we ýerli häkimiýetler bilen «COVID-19» ýokanjyna garşy taýýarlygyny dürli taraplary boýunça bilelikde işlemekden ybaratdyr. Biziň işimiz, utgaşdyrmak we gözegçilik ulgamlary, epidemiologiýa we epidemiologiki gözegçilik, laboratoriýa hyzmatlary, hassalara gözegçilik, ýokanç keselleriň öňüni almak we ýokaşma gözegçilikleri ýaly ugurlara, şeýle hem wirusyň töwekgelçilikleri barada halkyň içinde edilýän wagyz ediş işlerine gönükdirilendir.
Ýurtda takmynan 10 gün bolmagy meýilleşdirýäris. Biziň gün tertibimiz töwekgelçiliklere baha bermek we «COVID-19-a» gözegçilik etmek üçin zerur bolan ulgamlaryny ösdürmek üçin ýokary derejeli döwlet işgärleri we saglygy goraýyş hünärmenleri bilen birnäçe duşuşygy öz içine alýar. Milli, sebit we şäher derejesindäki lukmançylyk edaralaryna, jemgyýetçilik saglyk merkezlerine, barlaghanalara we beýleki edaralara baryp görmegi meýilleşdirýäris.
Bu sapar BSGG-niň Ýewropa sebitindäki ýurtlara berýän ýöriteleşdirilen goldawynyň bir bölegidir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy soňky aýlarda «COVID-19» ýokanjyna garşy göreşmek maksady bilen sebitiň dürli ýurtlaryna 70 töweregi wekiliýet iberdi we bu döwürde Türkmenistan bilen ýakyndan işleşmek mümkinçiligini goldaýarys.

2. BSGG-niň wekiliýetiniň sapary birnäçe gezek yza süýşürildi. Munuň sebäbini düşündirip bilersiňizmi?
«COVID-19» pandemiýasy wagtynda ulag çäklendirmeleri Ýewropanyň çäklerinde hereket etmegi ep-esli çylşyrymlaşdyrdy. Bu döwürde wekiliýetiň agzalarynyň ýurda gelip biler ýaly ulag ýollaryny gözlemek üçin Türkmenistan hökümeti bilen göni aragatnaşykda bolduk we türkmen tarapynyň goldawy bilen üstünlik gazandyk.
3. BSGG-niň Türkmenistan hökümeti bilen gatnaşyklaryna nähili baha berýärsiňiz? Saglygy goraýyş ministrligi bilen «COVID-19» babatda nähili işleri geçirýärsiňiz?
BSGG-niň Türkmenistan hökümeti we Saglygy goraýyş ministrligi bilen uzak we netijeli gatnaşygy bar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy 1995-nji ýylda bu ýurtda saglyk syýasatlaryny ösdürmäge, Türkmenistanda saglyk ulgamyny we jemgyýetçilik saglyk maksatnamalaryny berkitmäge goldaw bermek üçin döredildi. Biziň wezipämiz Türkmenistan hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň çäginde meýilnamalaryň bir bölegi hökmünde “COVID-19” ýüze çykan we ýaýran halatynda taýýarlyk işlerine üns bermekden ybaratdyr. Mundan başga-da, Saglygy goraýyş ministrliginiň hem-de hyzmatdaşlaryň we donorlaryň goldawy bilen saglyk işgärleri üçin okuw seminarlaryny geçirmek, maglumat materiallaryny taýýarlamak we beýleki birnäçe taslamanyň üstünde işlemegi meýilleşdirýäris.
4. Türkmenistanda “COVID-19” wakasy ýüze çykmady.  Ýurt wirusy gözegçilik astynda saklaýar we Türkmenistanyň hökümeti bu meselä çynlakaý çemeleşýär. BSGG hünärmeni hökmünde ýurtdaky ýagdaýa nähili garaýarsyňyz?
Türkmenistan “COVID-19” babatda milli köp pudakly iş toparyny döretdi; “COVID-19” üçin taýýarlyk we öňüni alyş çäreleriniň meýilnamasy tassyklandy; “COVID-19-yň” öňüni almak we bejermek boýunça görkezmeler işlenip düzüldi.
Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli derejelerindäki edaralaryň we işgärleriň üýtgedilip gurulmagy hökümet tarapyndan ädilen möhüm ädimdir: bu edaralaryň täzeden profilleşdirilmegini we saglyk işgärlerini taýýarlamagy öz içine alýar. Saparymyzda ýerine ýetirilen işler barada has giňişleýin öwrenmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
“COVID-19-yň” ýaýramazlygy üçin iň täsirli çäreleri kesgitlemekde Türkmenistana goldaw bermäge taýýardyrys. Milli we ýerli häkimiýetler bilen bilelikde alyp barýan işimiz ýurduň ilatyny wirusdan goramak üçin goşmaça goşant goşar diýip umyt edýäris.

5. Türkmenistan hökümeti, BMG-niň hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde koronawirus ýokançlygyna taýýarlyk görmek we oňa garşy göreşmek boýunça milli meýilnama düzdi. BSGG bu işiň bir bölegi hökmünde gatnaşdy. Bu resminama barada aýdyp bilersiňizmi, BSGG ülňülerine laýyk gelýärmi?
Hakykatdanam, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy «COVID-19» taýýarlyk we oňa garşy dessin göreşmek meýilnamasyny düzmekde ýurda kömek bermekde öňdebaryjy boldy. Bu resminama BSGG ülňülerine laýyklykda işlenip düzüldi.
Meýilnamanyň maksady ýokanjyň ýurda aralaşmagynyň öňüni almak we bu ýagdaý ýüze çyksa, ýaýramagynyň öňüni almak we wirusyň durmuş we ykdysady netijelerini azaltmakdan ybaratdyr.
Meýilnama laýyklykda BSGG Türkmenistana pandemiýanyň uzak möhletli täsirlerine garşy göreşmekde goldaw berer.

düýn 09:17
7.6k+

Braziliýada tupan wagty Azatlyk heýkeliniň birnäçe metrlik nusgasy ýykyldy

Braziliýanyň Guaýba şäherinde (Riu-Grandi-du-Sul ştaty) Havan uniwermagynyň öňünde oturdylan Azatlyk heýkeliniň 35 metrlik nusgasy ýykyldy. Waka 15-nji dekabrda güýçli tupan wagty bolup geçdi. G1 neşiriniň şäher häkimi Marselo Maranata salgylanyp habar bermegine görä, ýadygärligiň 24 metrlik ýokarky bölegi ýumruldy...

16.12.2025 09:48
7.4k+

Aýa bir sagatda üç meteorit baryp urdy

15-nji dekabra geçilen gije Aýyň üstüne üç meteoritiň gaçyşy hasaba alyndy. Hadysa bir sagatdan az wagtyň içinde bolup geçdi. Seýrek çaknyşma seriýasy iň kuwwatly meteor akymlarynyň biri bolan Geminidiň iň ýokary işjeňligi bilen baglanyşyklydyr diýip, ýaponiýaly astronom-höwesjeň Daiçi Fuji habar berdi...

15.12.2025 17:38
13k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...

12.12.2025 18:06
9.6k+

Güýçli ýagyş ABŞ-nyň demirgazyk-günbatarynda uly suw joşgunlaryna sebäp boldy

Waşington amerikan ştaty 8-nji dekabrda başlan güýçli ygallar sebäpli uly suw joşgunlary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bilermenleriň hasaplamalary boýunça, tebigy betbagtçylyk soňky 35 ýylda iň güýçlüsi boldy diýip, New York Times we The Guardian habar berýär...