Türkmenistanda sergi-ýygnaklary guramagy kämilleşdirmegiň bäş ýyllyk strategiýasy tassyklanyldy

  • 06.07.2020 05:42
  • 4.3k+

Türkmenistanyň sergileri, ýygnaklary we maslahatlary guramak işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Kararda bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň innowasiýa ýoly bilen ösdürilip, ýokary tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurduň eksport kuwwatynyň barha ýokarlanýan döwründe ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlarymyzyň daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam bermek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

şu gün 15:51
617

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

şu gün 11:22
1.1k+

Peter Madýar Wengriýanyň täze premýer-ministri boldy

«Tisa» partiýasynyň lideri Peter Madýar täze çagyrylyşdaky Döwlet ýygnagynyň (bir palataly parlament) birinji mejlisinde Wengriýanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligini 140 deputat......

düýn 11:44
4.6k+

Sidneýli pensioner lotereýada 14 million dollarlyk jaý utup, ony satuwa çykardy

Jaý RSL Queensland tarapyndan gurnalan Dream Home Art Union lotereýasynda oýnaldy. Jaý eýesiniň aýtmagyna görä, onuň ýeňşi baradaky habar ilkibaşda aldawçylyk diýip kabul edildi, sebäbi ol öň hiç haçan, hatda kiçijik baýrak hem utup görmändi...

09.05.2026 15:30
2.2k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......