Hindistan energiýa enjamlaryny Hytaýdan we Pakistandan satyn almagyny bes eder

  • 05.07.2020 13:21
  • 4.5k+

Hindistan Hytaýdan we Pakistandan energiýa enjamlaryny import etmegini bes eder. Bu barada Energetika ministri Raj Kumar Singh metbugat ýygnagynda aýtdy. Bu barada piter.tv belleýär.
Ministr 710 milliard rupiýalyk, ýagny, takmynan 9,4 milliard dollarlyk enjamyň Hytaýdan ýurda getirilendigini belledi.

"Haçan-da bir ýurt biziň ýerlerimizde ornaşyp ugrasa, muňa arkaýyn seredip oturyp bilmeris. Biz Hytaýdan we Pakistandan hiç zat satyn almarys" - diýip, ministr Raj Kumar Singh belleýär.
Döwlet işgäri döwlet kompaniýalarynyň energiýa enjamlary üçin Hytaýyň zawodlaryna sargyt etmeli däldigini aýdýar. Onuň bellemegine görä, ýurduň daşyndan getiriljek harytlar Nýu-Deliniň hökümeti tarapyndan barlanar. Hususan-da, Hytaýdan gelýän önümler zyýanly programma üpjünçiligi boýunça we dürli wiruslar tarapdan howpsuzlygy boýunça barlagdan geçiriler.
Indi Hytaý Hindistandaky kompaniýalarynyň göwnüni awlamak üçin zerur çäreleri görmeli bolar.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......