S&P Halkara reýting agentligi Nissanyň reýtingini bir basgançak peseltdi

  • 05.07.2020 12:43
  • 3.4k+

Halkara reýting agentligi S&P Global Ratings Ýaponiýanyň awtoulag öndürýän kompaniýasy Nissan Motoryň uzak möhletleýin karz reýtingini "BBB"-den "BBB-"-e çenli peseltdi diýip, reýting gullugynyň habarynda beýan edilýär. Bu barada news.rambler.ru habar berýär.
Habarda:
"Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi Nissany bu gezek peseltdik, sebäbi ýene birki ýyldan onuň düşewüntliligi, özi ýaly reýtingdäki beýleki dünýä kompaniýalary bilen deňeşdirilende, has köp basyş astynda bolar" diýilýär. S&P bu ýagdaýyň sebäbini esasy bazarlarda iş gurşawyny çylşyrymlaşdyran koronawirus pandemiýasynyň täsiri bilen baglanyşdyrýar.
S&P gullugy 2020-2021-nji maliýe ýylynda (2021-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli) kompaniýanyň dünýädäki satuwynyň takmynan 20% azaljakdygyny we 2021-2022-nji maliýe ýylynda ýylda 10% töweregi ösjekdigini çaklaýar.
“Nissan Motor” Ýaponiýanyň iň uly awtoulag öndürijilerinden biridir. Kompaniýa 1933-nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda Nissan, Infiniti we Datsun markalarynyň awtoulaglaryny öndürýär. Kompaniýada takmynan 138 müň adam zähmet çekýär. Maý aýynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Nissan Motor kompaniýasynyň üýtgedip gurmak meýilnamasynyň çäginde esasan Ýewropada we geçiş ykdysadyýeti bolan ýurtlarda 20 müňden gowrak işgäri azaltmagy meýilleşdirýändigini habar berdiler.

düýn 14:53
1.6k+

Motorola Swarovski kristallary bilen bezelen smartfon bilen gulaklyk hödürleýär

Motorola kompaniýasy Swarovski kristallary bilen bezelen «Brilliant Collection» atly premium enjamlar toplumyny resmi taýdan hödürledi. Bu ýörite topluma Swarovski kristallary bilen bezelen «Motorola......

düýn 14:48
1.5k+

Casio «Ýyldyz söweşleriniň» stilinde täze sagatlaryny hödürledi

Casio kompaniýasy «Ýyldyz söweşleri» äleminiň muşdaklary üçin täze sagatlar toplumyny hödürledi. Oňa G-Shock we Baby-G modelleriniň binýadynda döredilen iki model girdi. Sagatlar «Ýyldyz söweşleri» äleminiň......

düýn 12:04
2k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

13.05.2026 23:22
1.3k+

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....