25-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler

  • 04.07.2020 11:38
  • 6.4k+

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda resminama Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary dörediler we onuň düzümi tassyklanylar.
Şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda çykaran 385-nji Permany bilen tassyklanan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamagyň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekilleriniň saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün eder hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyna welaýatlardan we Aşgabat şäherinden saýlanan agzalarynyň sanawyny 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna berer.
Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini saýlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermeli we bu işleri utgaşdyrmaly.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......