Ertir Gün ulgamynda planetalaryň «dabaraly ýörişi» bolar

  • 03.07.2020 23:37
  • 14k+

ORIENT-iň berýän habaryna görä, 4-nji iýulda nobatdaky möhüm astronomik hadysa – planetalaryň «dabaraly ýörişi» bolup geçer. Gün ulgamynyň ähli planetalary – Merkuriý, Wenera, Ýer, Mars, Ýupiter, Saturn, Uran we hatda «dyrnak ýalyjyk» Pluton planetasy hem bir setire düzüler. Bu görnüş, Ýerden seredeniňde, gözýetimiň edil ýokarsynda emele gelen iri ýagty ýyldyzlaryň zynjyryna meňzäp görner.
Planetalaryň «dabaraly ýörişi» mundan öň 1982-nji ýylda bolupdy, geljekde bolsa onuň 2161-nji ýyldan gijä galman bolmagyna garaşylýar. Şonuň üçin juda seýrek duşýan beýle pursady sypdyrmazlygy maslahat berýäris. Hadysanyň biziň sebitimizden görünjek takyk wagtyny sypdyrmazlyk üçin astronomik programmalaryň kömeginden peýdalanyň. Şäheriň ýagty çyralarynyň hezil edip tomaşa etmäge päsgel bermezligi üçin hadysany şäheriň daşynda synlamagyň has dogry boljakdygyny ýatdan çykarmaň.
Mundan başga-da, 4-nji iýul gijesinde Aý tutulmasy hem bolup geçer, ýöne ol diňe Demirgazyk Amerikadan, Günorta Amerikadan we Afrikadan görner.
Astronomlar bu hadysalaryň ikisine-de sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, sebäbi älem energiýasynyň Ýerdäki ýagdaýlara täsirini anyklamak üçin şu güne çenli birnäçe gözlegler meýilleşdirildi. Astrologlar bolsa bolmagyna garaşylýan planetalaryň «dabaraly ýörişinden» gorkýarlar. Şu ýylyň dowamynda ýüze çykan hadysalary nazara alanyňda, olaryň gorkusyna hem dogry düşünmek bolar.
2020-nji ýylda Ýerdäkiler üçin ençeme gyzykly astronomik hadysalar garaşýar. 14-nji we 20-nji iýulda gün sistemasynyň iň uly iki planetasy – Ýupiter we Saturn bar güýji bilen şöhle saçar. Gigantlar ýylyň dowamynda özleriniň iň ýokary ýagtylygyna ýeterler we olar Ýerden hiç hili dürbüsiz-teleskopsuz hem görnerler. Ýöne höwesjeň teleskoplar arkaly  olary has jikme-jik görüp bolar.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......