Türkmenistanyň Prezidenti Lazurit geçelgesi boýunça Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etdi

  • 03.07.2020 13:33
  • 10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etdi. Bu teklip üç döwletiň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşygyň barşynda aýdyldy.
Bu Merkez geçelgä gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde ýük akymlaryny emele getirmek we olaryň netijeli hereket etmegi üçin bilelikdäki hereketleriň sazlaşykly bolmagyny üpjün etmäge niýetlenendir. Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşlerine häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda birnäçe mümkinçilikleriň bardygy barada habar berdi. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Türkmenistanyň ulag ulgamynyň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu port nebit guýulýan, parom, ýolagçy we ýük terminallaryny özünde jemleýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow «Bitewi äpişge» ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi.
Bu başlangyçlaryň üstünde jikme-jik işlemek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda üç ýurduň ulag ulgamlarynyň we beýleki degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn düzgüninde duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.
Soňra türkmen Lideri öz söhbetdeşleriniň ünsüni telekommunikasiýa ugrunda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselä hem çekdi. Habar berlişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan iki möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan —Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we Türkmenbaşy — Siazan ugry boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli kabel aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyny amala aşyrýar.
Döwlet Baştutany bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda täze telekommunikasion üstaşyr geçiriş ýoluny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, hyzmatdaşlygyň çeýe üç taraplaýyn görnüşini emele getirmek arkaly goňşy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegi teklip etdi. 

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......