BSGG dünýäde koronawirusa garşy 141 sanjymyň taýýarlanylýandygyny habar berdi

  • 03.07.2020 10:54
  • 9.9k+

Dünýäde koronawirusa garşy sanjymyň 141 prototipi taýýarlanylýar, olaryň käbirleri birnäçe aýdan tamamlanar. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus habar berdi. Muny “The Washington Post” neşirine salgylanmak bilen rbc.ru ýetirýär.
“Elbetde, doly derejede goraga kepil ýok, ýöne biz umyt edýäris” – diýip, BSGG-niň ýolbaşçysy aýdýar. Ol öňdebaryjy işleriň “üstünlikden birnäçe aý yzda” barýandygyny belledi. Şeýle-de, Gebreýesus COVID-19-dan sanjymy taýýarlamak meselesinde halkara hyzmatdaşlygyň möhüm rol oýnaýandygyny belläp geçdi.
Ýatlap geçsek, öň, BSGG-de sanjymlary taýýarlamak işini güýçlendirmek we koronawirus infeksiýasyna garşy netijeli dermanlary gözlemek üçin $31 mlrd ýygnamagyň möhümdigi habar berildi.
Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynyň ýolbaşçysy Kirill Dmitriýew RBK beren interwýusynda dünýäde “has öňe gidiji tapgyrda” sekiz sanjymyň ýerleşýändigini aýtdy. Gaznanyň bahalandyrmasy boýunça, olardan üç sanysyny döredijiler üstünlige has ýakyn boldular.

15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......