Russiýa Ýewropa Bileleşiginiň serhetlerini açjak "ygtybarly" ýurtlarynyň hataryna girip bilmedi

  • 02.07.2020 19:12
  • 10k+

Pandemiýa sebäpli Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna girizilen syýahat çäklendirmeleri aýrylyp başlandy. Çarşenbe günündäki ýagdaýa görä, 15 sany ýurduň ýaşaýjylaryna Ýewropa Bileleşiginiň daşarky serhetlerinden geçmäge rugsat berildi. Bu barada Euronews habar berýär.
Bu sanawa şertli ýagdaýda Hytaý hem goşuldy. Şerte görä, Hytaý hem garşylyklaýyn jogap bermeli, ýagny öz serhetlerini Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary üçin açmaly. Şeýle-de bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň serhetleri Russiýa hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin henizem ýapyklygyna galýar.
Brýusseliň Waşingtondaky öňki wekili Jon Bruton munuň aňyrsynda, esasan, epidemiologik garaýyşlary görýär. Ol: "Ýewropa Bileleşigi muny keseliň derejesi, ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak we uçar bilen Ýewropa gidip barýan hem-de koronawirus ýokanjyny özi bilen alyp barýan adamlary saklamak mümkinçiligini nazara alyp, iňňän seresaplylyk bilen işläp taýýarlady. Bu hälki bir konwertiň arka ýüzüne biperwaýlyk bilen ýazylyp goýberiläýen zat däl" – diýip, bu babatdaky öz garaýşyny mälim edýär.
Şeýle-de bolsa, amerikalylary geçirmezlik karary häzirki prezidentiň döwründe transatlantik gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy sebäpli kabul edilen bolup biler. ABŞ-nyň ÝB-däki öňki ilçisi Entoni Gardneriň berýän maglumatyna görä, Donald Tramp ummanyň üstünden uçuşlary ilkinji bolup çäklendirdi.
"125 müňden gowrak ölüm we 2,5 million hadysa bar wagtynda kimdir biriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny howpsuz ýurt hasaplamagy çynlakaý teklip edendir öýdemok. Trampyň bu karary ýewropalylar bilen hiç hili maslahatlaşmazdan birtaraplaýyn kabul etmegi ýagdaýy aňsatlaşdyrmady. Şoňa görä-de, ýewropaly syýahatçylar henizem ABŞ-a syýahada gidip bilmeýärler" – diýip, Entoni Gardner belleýär.
Muňa garamazdan, Ýewropa Bileleşiginde tomusky dynç alşy geçirmek isleýän amerikalylar, şeýle hem ruslar üçin hemme zat gutaranok. Açyk ugurlaryň sanawy her iki hepdeden täzelenip durlar.

26.03.2026 14:42
9.3k+

Dünýäniň iň gowy howa menzilleri we awiakompaniýalary saýlandy

Skytrax britan konsalting kompaniýasy we AirlineRatings.com halkara portaly dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň we awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Bu barada reýtingi düzenleriň resmi......

26.03.2026 13:56
1.4k+

Britaniýa syýahatçylyk we talyp wizalarynyň bahasyny galdyrar

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinden başlap, Beýik Britaniýa ýurda girmek üçin zerur bolan wizalaryň köpüsi üçin tölegleri ýokarlandyrar. Bu barada Birleşen Korollygyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda......

21.03.2026 07:40
1.6k+

Aşgabatda aprel aýynda «Turkmentravel – 2026» syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

20.03.2026 18:20
7.4k+

Samarkantda ymam al-Buharynyň toplumy açyldy: indi ol 65 müň zyýaratçyny kabul edip bilýär

Özbegistanyň Samarkant welaýatynda düýpli durkuny täzeleme işlerinden soň, ymam al-Buharynyň täzelenen ýadygärlik toplumy açyldy. Indi bu iri ruhy merkez öňki 12 müň adamyň deregine, her gün 65 müňe çenli zyýaratçyny kabul edip bilýär...