Türkmenistan we Beýik Britaniýa Durnukly ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak boýunça Ähtnama gol çekdiler

  • 02.07.2020 15:01
  • 6.1k+

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda Durnukly ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Degişli resminama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhammedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpott bilen geçiren duşuşygynda gol çekdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň özarabähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ileri tutulýan ugurlar, şol sanda maliýeleşdirmek we maýa goýum boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada bellenilip geçildi.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......