Iran Air awiakompaniýasy Türkmenistana howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

  • 02.07.2020 11:47
  • 17k+

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “Iran Air” awiakompaniýasy Bojnurd (Eýran) - Aşgabat (Türkmenistan) ugry boýunça howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Turkmenportal saýtynyň Tähran Taýms neşirine salgylanyp habar bermegine görä, bu barada Demirgazyk Horasan welaýatynyň baş gubernatory Muhammet Ali Şojaý habar berýär.
Onuň pikiriçe, 2019-njy ýylda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek Ähtnamasy esasynda, yzygiderli howa gatnawy meýilleşdirilýär. Uçuşlaryň sebitde syýahatçylygyň ösmegine kömek etjekdigi hem bellendi.
Demirgazyk Horasan - Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän welaýat, onuň Türkmenistan bilen uzak araçägi bar. Soñky döwürde Bojnurdda syýahatçylyk barha ösýär, ýogsa syýahatçylar bu ýere Maşad - Gorgan ugry boýunça syýahatyň dowamynda bary-ýogy ýolugra degip geçýärler. Häzirki wagtda welaýatda tebigaty söýýänlere, dynç alýanlara we gezelenje gelenlere hyzmat edýän 150 töweregi eko-jaý bar.

düýn 16:31
3.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......