Türkmendemirýollary «Railways» programmasynda bilet almaklygy has hem aňsatlaşdyrdy

  • 02.07.2020 11:32
  • 20k+

«Türkmendemirýollary» agentliginiň ýolagçy biletlerini onlaýn usulda satmak üçin çykaran «Railways» mobil programmasynyň Android ulgamy üçin täze görnüşi elýeterli edildi. Agentligiň resmi saýtynyň habar bermegine görä, programmanyň täze görnüşinde ýolagçylaryň bilet almagyny aňsatlaşdyrjak ençeme täze funksiýalar goşuldy.
Mundan beýläk ýolagçylar bilet almak üçin ulanýan kartlarynyň maglumatlaryny mobil programmanyň ýadynda saklap bilerler. Munuň üçin programmada "Başga" bölümine girip, "Töleg kartlary" düwmesine basyp kartyň maglumatlaryny girizmeli.
Şeýle-de, täze görnüşde biletler bölümine gözleg funskiýasy goşuldy. Ýolagçylar stansiýasy, familiýasy, ady we alnan senesine görä, alnan biletleri gözleg edip bilerler.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, täze görnüşde esasy täzelikleriň biri hem, mundan beýläk ýolagçylaryň “Senagat bank” kartlary arkaly hem biletleri satyn alyp bilmegidir. Bulardan başga hem, programmanyň umumy işleýşi optimizirlendi we programmadaky kiçi ýalňyşlyklar düzedildi.

Şeýle hem şu salgydan «Türkmendemirýollarynyň» ýolagçylara hödürleýän VIP wagon hyzmatlary barada okap bilersiňiz.

düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....