Hytaý iri nebit satyn alyjysyny döretmekçi bolýar

  • 01.07.2020 18:15
  • 3.2k+

Hytaýyň iri nebit kompaniýalary nebiti satyn almak işi bilen bilelikde meşgullanar ýaly birleşik döretmekçi bolýarlar. Bu olaryň bazarda tutýan ornuny ýokarlandyrmaly, şeýle-de dünýäde iri çig mal satyn alyjysyny döretmeli, bu barada Bloomberg agentligine salgylanmak bilen vz.ru habar berýär.
“Dört sany döwlet nebiti gaýtadan işleýji kärhana nebitiň käbir hillerine bahany bilelikde mälim ederler” – diýip, agentlik ýazýar. Agentligiň çeşmeleri China Petroleum & Chemical, PetroChina, CNOOC we Sinochem Group kompaniýalarynyň ýolbaşçylygynyň deslapky gepleşikleri alyp barýandygyny belleýärler. Şeýle başlangyç Hytaýyň hökümeti we düzgünleşdiriji guramalar tarapyndan goldanylan. Gepleşiklere umumy alanyňda bir gije-gündizde 5 mln barrel nebiti import edýän kompaniýanyň wekilleri gatnaşýar.
Hytaý kompaniýalarynyň şeýle etmek bilen satyn alynýan nebitiň göwrümine we bahasyna uly täsiri gazanmakçy bolýandygy aýdylýar. Bu kompaniýalara öz aralaryndaky baha urşundan gaçmaga mümkinçilik berip biler. Birinji tapgyrda birleşik spot bazarlarynda belli bir rus we afrikan hillerine toparlaýyn talapnama çykarmakçy bolýar, eýýäm indiki aýda Hytaýyň nebiti gaýtadan işleýji kärhanalarynyň ESPO hilli rus nebitiniň ýola goýulmagyna bilelikde talapnama bermegine garaşylýar. Geljekde bu birleşige garaşsyz nebiti gaýtadan işleýjiler, şol sanda Şandun welaýatyndan ownuk nebiti gaýtadan işleýji kärhanalar hem goşulyp bilerler.
Agentlik hytaý nebiti gaýtadan işleýjiler tarapyndan satyn alyjy birleşigi döretmäge synanyşygyň sebäbi COVID-19 koronawirus infeksiýasynyň epidemiýasyndan soň Hytaýyň ykdysadyýetiniň dikelip başlamagy bilen spot bazarlarynda çig mala bahalaryň ýokarlanmagy diýip hasaplaýar.

13.06.2026 15:16
6.4k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....