COVID — 19 zerarly dörän oňaýsyz täsirleri peseltmek boýunça köpçülikleýin çäreler maslahatlaşyldy

  • 01.07.2020 04:26
  • 10k+

GDA gatnaşyjy döwletleriň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşmalar hem-de COVID — 19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan oňaýsyz täsirleri peseltmek boýunça köpçülikleýin çäreleriň mümkinçilikleri baradaky meseleler Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen 86-njy mejlisiniň esasy gün tertibini düzdi.
Mejlisiň barşynda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň arasynda özarabähbitli gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda Moskwa şäherinde Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň çäklerinde GDA-nyň agza döwletleriniň sergi söwda merkezleriniň döredilmegi boýunça alnyp barylýan işler, 2016-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň karary bilen tassyklanylan GDA-nyň agza döwletleriniň intellektual eýeçiligi bazarynyň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişi hem-de beýlekiler bilen bagly meselelere seredilip geçildi.
Şonuň ýaly-da, 2020–2025-nji ýyllar döwür üçin Halkara gatnawlarynda ýük daşamalarynyň durmuşa geçirilmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň çäklerinde ulag howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň, 2020–2024-nji ýyllar döwür üçin Onkologiki kesellere garşy göreşmek ulgamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň hyzmatdaşlyk etmeginiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň we beýleki birnäçe resminamalaryň taslamalary duşuşyga gatnaşyjylaryň garamagyna hödürlenildi.
Duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň ara alyp maslahatlaşylmagynyň jemleri boýunça hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça taraplaryň özarahereketlerini kadalaşdyrýan birnäçe resminamalara gol çekildi.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......