R.Meredow «C5+1» görnüşindäki duşuşyga gatnaşdy

  • 01.07.2020 04:07
  • 6.4k+

30-njy iýunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly «C5+1» görnüşinde duşuşygy geçirildi. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
Taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak hem-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň bilelikdäki gurallaryny işläp taýýarlamak gün tertibiniň esasy meseleleri boldy.
Duşuşykda türkmen tarapynyň goňşy ýurduň syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köptaraplaýyn görnüşindäki hyzmatdaşlygy goldaýandygy hem-de ýurdumyzyň syýasy-diplomatik mümkinçiliklerini bu ugurda herekete getirmäge taýýardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem sebit ähmiýetli özara maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagyň mümkinçilikleri, düzümleýin ulag-kommunikasiýa, durmuş we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saglygy goraýyş, energetika, ulag, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......