2020-nji ýylda Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaý ýygnaldy

  • 01.07.2020 03:40
  • 6k+

Şu ýyl ýurdumyzda 690 müň gektardan 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaý ýygnalyp, döwlet tabşyryklaryny ýerine ýetirdiler.
Bugdaýyň ýerli toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilen ýokary hasylly görnüşleri, hususan-da, «Sähraýy», «Juwan», «Bitarap». «Ýölöten-1», «Ýölöten-3», «Türkmenbaşy-1», «Gyzylşaglawuk-25», «Miras», «Akbaş», «Ýubileýnaýa-100», «Batko», şeýle hem «Wassa» görnüşleri ösdürilip ýetişdirildi.
2020-nji ýylyň galla oragynda obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin satyn alnan «John Deere», «CLAAS», «Case», «New Holland» kompaniýalarynyň 2 müň 200-den gowrak galla orýan kombaýnlary işledildi. Dürli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük awtoulaglarynyň 11 müňden gowragy bugdaýy ammarlara we elewatorlara daşadylar.
Ýurdumyzda ilkinjiler bolup, Ahal welaýatynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olar ak bugdaýyň 400 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar. Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bugdaýyň 265 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Lebap welaýatynyň ekerançylary saýlama bugdaýyň 310 müň tonnadan gowragyny, Mary welaýatynyň daýhanlary 345 müň tonnadan gowragyny, Balkan welaýatynyň kärendeçi-gallaçylary bolsa ak bugdaýyň 80 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......