Türkmenistan pandemiýa garşy göreşde Hytaý bilen hereketleri utgaşdyrmagy maslahatlaşdy

  • 29.06.2020 11:36
  • 9.4k+

Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň garşysyna bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagy, şeýle hem derwaýys sebit hem-de halkara meseleleri 28-nji iýunynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de Wan Iniň arasynda telefon arkaly gepleşikleriň özenini düzdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu ugurda diplomatlar adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda netijeli gaýragoýulmasyz utgaşdyrylan hereketleriň guramaçylygy we geçirilmegi babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Alym-lukmanlaryň geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjynyň aýratyn ähmiýetini we derwaýyslygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we HHR-iň DIM-niň ýolbaşçylary çylşyrymly umumydünýä ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagynyň wajyp häsiýete eýe bolýandygyny hem belläp geçdiler.
Hytaý tarapy Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Milli meýilnamasynyň kabul edilmeginiň öz wagtyndalygyny aýratyn nygtady.
Taraplar şeýle-de epidemiýa döwründe iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň duşuşyklarynyň dikeldilmegine we ýygjamlaşdyrylmagyna hem aýratyn üns çekdiler.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......