Hünärmenler 2020-nji ýylyň iň gowy 5G ulgamly smartfonlaryny atlandyrdylar

  • 28.06.2020 15:10
  • 10k+

Hünärmenler 5G ulgama eýe bolan 2020-nji ýylyň iň gowy smartfonlaryny atlandyrdylar. Toruň täze nesli eýýäm Beýik Britaniýada, ABŞ-da we dünýäniň beýleki ýurtlarynda hereket edýär. Bu barada actualnews.org habar berýär. 
Liderleriň onlugyny Galaxy S20 Ultra 5G jemleýär. Smartfon öz işini Android 10 operasion ulgamyň binýadynda ýerine ýetirýär, ol iki SIM-karty göterýär. Gurluş 6,9 dýuým ekrana eýe boldy. Awtonom režiminde gurluşyň işine 5000 mA/sag sygymly akkumulýator jogap berýär. Dokuzynjy orunda LG V60 ThinQ 5G ýerleşdi. Gurluş 6,4 dýuým ekrana eýe. Modeliň yzky kamerasynyň obýektleri belleme we fokus nokadynda saklama mümkinçiligi bar. 
Sekizinji orny OnePlus 8 Pro eýeledi. Ol 8 GB operatiw ýada we 128 GB hemişelik ýada, dört kamera, awtofokusa, iki SIM-karta eýe. Munuň kem tarapy kart ýadyny götermeýändiginden ybaratdyr. Ýedinji orny Android 10 operasion ulgamly F2 Pro eýeledi. Ol Gorilla Glass 5 aýnanyň metal karkas bilen utgaşmasy bilen öwnüp bilýär. Hemişelik ýadyň göwrümi 128 GB, kart ýadyny götermeýär. Prosessor hökmünde Qualcomm Snapdragon 86 saýlanyldy.
Nokia 8.3 reýtingiň altynjy ornunda ýerleşýär. Gurluş Snapdragon 765 prosessory bilen hödürlenilýär. Bäşinji orunda Sony Xperia 1 II ýerleşýär. Bu bäşinji nesliň torlarynda işleýän ýapon kompaniýasynyň ilkinji smartfony. Çip hökmünde Snapdragon 865 çykyş edýär. Akkumulýatoryň sygymy 4000 mA/sag barabar, gurluş 6,5 dýuým displeýe eýe boldy. 
Dördünji orny Android 9 operasion ulgamly we 6,7 dýuým ekranly Samsung Galaxy A90 5G eýeledi. Hemişelik ýadyň göwrümi 128 GB, kart ýadyny göterýär. Onuň oňyn taraplarynyň biri çalt zarýadlanma eýe bolmagydyr. Liderleriň üçlügini NUBIA Red Magic 5G açýar. Munda Android 10, 6,65 dýuým ekran, üç kamera we awtofokus, 8 GB operatiw ýat, 4500 mA/sag sygymly akkumulýator bar.
Ikinji orny 6,67 dýuým ekranly, dört kameraly, 8 GB operatiw ýatly we 256 GB hemişelik ýatly Xiaomi Mi 10 eýeleýär. Akkumulýatoryň sygymy 4780 mA/sag barabar. Gurluş çarçuwasyz diýen ýaly. Dewaýsyň artykmaçlygy yzky kamerasynyň 108 Mp eýe bolmagydyr. Reýtingiň birinji ornuny Huawei P40 Pro eýeledi. Ol dört kamera, 6,58 dýuým ekrana, iki SIM-karty götermeklige, 8 GB operatiw ýada, 4200 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe. Modelde HiSilicon Kirin 990 5G prosessory oturdylan. 

düýn 20:32
933

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
469

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

düýn 15:47
981

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

düýn 07:31
2.3k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....