Türkmenistan «Milli VISA karty» atly täze bank kartyny ulanyşa girizmäge taýýarlyk görýär

  • 28.06.2020 08:42
  • 16k+

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen «Milli VISA karty» atly täze bank kartyny ulanyşa girizmek boýunça degişli işler geçirýär. Bu barada Hökümet mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Wise-premýer munuň ýurdumyzyň bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de milli töleg ulgamyny döwrebap halkara ulgama birikdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Mejlisiň barşynda şeýle hem halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň karz beriji edaralary tarapyndan döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary esasynda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak barada habar berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu toplumyň durnukly işlemeginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine sazlaşykly goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Şunda bank önümlerini halkara derejä çykarmak arkaly olaryň sanyny artdyrmak, ugurdaş edaralaryň işine öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «Milli VISA kartyň» täze görnüşini dolanyşyga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......