Huawei iň innowasion kompaniýalaryň reýtinginde 48-den 6-njy orna çykdy

  • 25.06.2020 22:53
  • 2.7k+

BCG portaly ýer ýüzüniň iň innowasion kompaniýalarynyň täzelenen reýtingini neşir etdi. Bu barada actualnews.org habar berýär. Bu gezek reýtingde geçen ýylyň sanawy bilen deňeşdirilende geň üýtgeşmeler bolup geçdi, esasanam, Huawei hytaý tenhika ägirdiniň görkezen netijesi haýran galdyrýar.
2020-nji ýylda Huawei 42 orun ýokary rekord böküşi etmek bilen, reýtingde 48-den 6-njy orna çykdy. 2014-nji ýylda kompaniýanyň reýtingiň iň pes ornunda ýerleşendigini, şondan soň onuň ep-esli ösüşi görkezip bilendigi baradaky fakty hem bellemek ýerliklidir, ýöne 2019-njy ýylyň jemi boýunça ol 49-njy setire düşdi. Indi bolsa ol liderleriň sanawyna çykyp, Facebook, Alibaba we Sony ýaly özüniň bäsdeşlerinden öňe geçýär.
Reýtingiň onlugynda iň belli tehnologik kompaniýalar ýerleşdirildi, ony bolsa Apple amerikan kompaniýasy esaslandyrýar. Ikinji orunda Google korporasiýasy ýerleşdi, üçlügi Amazon jemleýär. Ilkinji üç ornuň ählisi Birleşen Ştatlaryň wekillerine degişli boldy.
Huawei kompaniýasynyň ýene bir bäsdeşi bolan Xiaomi barada aýdylanda, ol 2020-nji ýylda 24-nji orun bilen çäklenýär. Hünärmenleriň pikiriçe, ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan kompaniýa edilýän basyşyň fonunda Huawei-niň şeýle ýokary böküşi onuň bäşinji nesliň toruny girizmek pudagynda ilkinji bolandygy bilen delillendirilýär.

düýn 11:22
1.4k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

düýn 11:10
578

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......