Apple smartfonlaryny awtolaryň wirtual açaryna öwürdi

  • 24.06.2020 22:55
  • 4.7k+

Apple kompaniýasy öz smartfonlarynyň täze mümkinçiligini hödürledi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, indi iPhone Tesla awtomobillerini we BMW täze modellerini açyp hem-de ýapyp bilýär. Bu barada nevnov.ru habar berýär.
Apple amerikan kompaniýasy ulag üçin wirtual açar hökmünde iPhone-iň täze funksiýasyny hödürledi. Onuň tanyşdyrylyşy işläp düzüjileriň bütindünýä konferensiýasynda (Worldwide Developers Conference, WWDC) geçdi. Konferensiýanyň dowamynda tehnika ägirdi iOS 14 operasion ulgamynda peýda boljak CarKey-i täze funksiýa hökmünde tanyşdyrdy.
Täze mümkinçilik Tesla kompaniýasynyň Model 3 elektromobilleriniň we satuwda 2021-nji ýylda peýda boljak BMW 5 täze awtomobilleriň eýeleri üçin elýeterli. Smartfonuň kömegi bilen Apple CarKey programmasy arkaly awtomobilleri açyp hem-de ýapyp bolýar. Şu programmanyň kömegi bilen awtonyň eýesi programmasy bolan maşgala agzalaryna we tanyşlaryna ulagy ulanmaga rugsat berýär. Şoňa görä, ulagyň açarlarynyň nusgasy (dublikaty) hem gerek bolmaýar. Awtomobiliň eýesi bäşe çenli adamdan ybarat bolan dostlaryna ýa-da garyndaşlaryna açaryň nusgasyny iMessage hyzmaty arkaly iberip sanly açar bilen paýlaşyp bilýär.
CarKey hereketiň ýakyn radiusynyň arabaglanyşygyny (NFC) ulanýar, awtonyň eýesi bolsa özüniň iPhone smartfonuny ýa-da Apple Watch sagadyny ulgamyň doly derejede işlemegi üçin gapa ýakyn tutmaly. Sürüji Face ID ýa-da Touch ID ulanmak bilen, özüniň şahsyýetini tassyklamaly, şondan soň awtomobil açylýar. Gürrüňlere görä, adam elýeterliligiň üç derejesini üpjün edip bilýär: ulagyň ýük goýulýan ýerini açmak, gapylary açmak we ulag serişdesini dolandyrmaga mümkinçilik gazanmak.
Siziň gurluşyňyzda akkumulýator öçen ýagdaýynda bu tehnologiýany ulanmak bilen bagly alada etmek gerek däl. “Ätiýaçlyk ýoly” funksiýasy CarKey ulgamyna pes zarýad sebäpli iPhone öçenden soň hem bäş sagadyň içinde işlemäge mümkinçilik berýär. Sanly açary BMW bilen baglylykda ulanmak üçin awtonyň eýesi özüniň iPhone smartfonuna (eger bar bolsa, Apple Watch sagadyna) BMW Smartphone programmasyny oturtmaly, soňra BMW Digital Key ýükläp, gurnamaly.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......