Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 23.06.2020 23:55
  • 7.9k+

23-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen giň möçberli işler, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň başynda Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde ýerine ýetirilýän işler, şäheri abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini üpjün etmek, gök zolaklara degişli derejede ideg etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli ýaýbaňlandyrylan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany käbir desgalaryň gurluşygynyň depgininiň pesdigini aýdyp, häkimiň alyp barýan işleriniň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi hem-de işleri talabalaýyk guramagy talap etdi.
Soňra welaýatlaryň häkimleri şu günler sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly we gysga möhletde geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler, şol birwagtyň özünde gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkimler döwlet Baştutanynyň welaýatlarda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde beren tabşyryklaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda işlenip taýýarlanan maksatnama hakynda habar berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlarda şu ýylyň galla oragyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän işde goýberen kemçilikleri üçin birnäçe etraplaryň häkimlerine berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurdy.

şu gün 14:27
83

Tesla we LG ABŞ-da 4,3 milliard dollarlyk batareýa zawodyny gurar

Tesla we LG Energy Solutions kompaniýalary ABŞ-da batareýa öndürýän zawod gurmak barada ylalaşdylar. Maýa goýumyň umumy möçberi 4,3 milliard dollara deň bolar we zawody 2027-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär. Zawod Miçigan ştatynyň Lansing şäherinde ýerleşer...

şu gün 00:27
4.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

şu gün 00:11
1.5k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi...

düýn 16:36
3.1k+

Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy

Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi...