Oppo kompaniýasy Reno3 A suw geçirmeýän smartfony hödürledi

  • 23.06.2020 22:58
  • 5k+

Oppo kompaniýasy Ýaponiýada Oppo Reno3 A arzan smartfony hödürledi. Bu barada delovoe.tv habar berýär. Model 2400x1080 pikselli we taraplary 20:9 gatnaşykly diagonaly 6,4 dýuým bolan AMOLED ekranyna eýe boldy. Ekran ýüzündäki paneliň tutuş meýdanyndan 89,9%-ini eýeleýär. Reno3 A Snapdragon 665 prosessorynyň esasynda işleýär. Onuň düzümine 6 GB operatiw we 128 GB içki ýat girdi. Akkumulýatoryň sygymy 4025 mA/sag barabar.
Esasy kamera 48 Mp datçige we iki goşmaça modula (8 we 2 Mp) eýe boldy. Frontal kamera 16 Mp eýe boldy. Smartfonyň ekranyny Gorilla Glass 5 aýna goraýar. Model özüniň suw geçirmeýjiligi bilen IP68 gorag derejesine gabat gelýär. Daktiloskopik skaner ekrana birikdirilen. Mundan başga-da, Oppo Reno3 A iki diapazonly Wi-Fi 802.11a/c, Bluetooth 5.0, GPS, NFC ulgamlaryny hem göterýär, onda 3,5 mm audio-bölek we Type-C porty bar. Enjam Android 10 bazasynda ColorOS 7.1-iň dolandyrmagy bilen işleýär. Gajetiň göwrümleri: 160,9x74,1x8,20 mm, agramy – 175 gram.
Oppo Reno3 A Ýaponiýada ak we gara reňk görnüşlerinde 25-nji iýundan elýeterli bolar. Enjamyň bahasy $374. Onuň halkara satuwy barada heniz hiç zat belli däl.

şu gün 11:22
1.2k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
521

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......