Dünýäniň iň tiz kompýuteri ýaponlara degişli

  • 23.06.2020 20:48
  • 5.2k+

Dünýäde iň kuwwatly superkompýuter hökmünde “Fugaku” ýapon kompýuteri öňe çykdy. Kyodo agentliginiň ýazmagyna görä, “Fugaku” amerikan we hytaý bäsdeşlerinden öňe geçip, dünýäde 500 sany iň ýokary öndürijilikli ulgamlaryň reýtingini esaslandyrdy. Bu barada 1prime.ru habar berýär. Superkompýuter Fujitsu korporasiýasy hem-de Riken fiziki-himiki barlaglaryň instituty tarapyndan döredildi.
Ýapon superkompýuteri senagatda, emeli intellekt gurşawynda we uly sanlaryň seljermesinde peýdalanmakda hem gowy netijäni görkezdi. “Fugaku” sekuntda 415 kwadrillion hasaby amala aşyrmaga ukyply, bu bolsa 2019-njy ýylyň noýabryndan reýtingiň birinji ornuny eýelän Ok-Rijede ABŞ-nyň milli barlaghanasynyň “Sammit” superkompýuteriniň tizliginden, takmynan, 2,8 esse ýokary geçýär.
Superkompýuterler, esasan, meteorologiýa, ýadro energetikasy, gen inženeriýasy pudagynda, şeýle-de klimat üýtgeşmelerini öwrenmek we ýadro synaglaryny kämilleşdirmek üçin ulanylýar. Fugaku COVID-19 koronawirus infeksiýasynyň mundan soňky ýaýrawyny çaklamaga kömek edýär.
Maşynyň işleýiş tizligi bahalandyrylanda hünärmenler munuň “Fugakunyň” maksimal mümkinçiligi däldigini bellediler: maşyn heniz ýokary kuwwatlygy bilen işlänok. Maý aýynda “Fugaku” Kobe şäherinde kompýuter barlaglaryň institut merkezine iberildi. Kompýuteriň 2021-nji ýylyň aprelinden doly derejeli kuwwatlykda işlemegine garaşylýar. Häzirlikçe bu maşyn täze koronawirusa garşy dürli serişdeleri taýýarlamak üçin hem ulanylar.
Üçünji orunda Birleşen Ştatlardan ýene bir superkompýuter ýerleşdi. Dördünji we bäşinji orunlary hytaý kärhanalarynyň hasaplaýjy maşynlary eýeledi. Muňa garamazdan, Ýaponiýa superkompýuterleriň bazarynda “kiçi oýunçy” bolmagynda galýar. Deňeşdirmek üçin getirsek, Top500 sanawynda Hytaýa 226 ulgam, ABŞ-a bolsa 114 ulgam degişli boldy. Soňky gezek ýapon maşyny 2011-nji ýyldaky reýtingde liderlik etdi.
International Supercomputing Conference (ISC) Top500 reýtingini ýylda iki gezek, tomusda hem güýzde täzeleýär. Sanawy birinji bolup 1993-nji ýylda Thinking Machines tarapyndan ýygnalan CM-5/1024 esaslandyrdy.

şu gün 11:22
1.2k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
521

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......