SpaceX Marsa raketalary goýbermek üçin ýüzýän kosmodromy döreder

  • 20.06.2020 22:25
  • 1.7k+

SpaceX amerikan kompaniýasy Aýa we Marsa raketalaryň uçuşyny amala aşyrmak üçin Tehasda Meksikan aýlagynyň kenarynda ýüzýän deňiz platformasyny döretmekçi bolýar. Bu barada kompaniýany esaslandyryjy Ilon Maskyň sözlerine salgylanmak bilen “Business Insider” neşiri habar berýär, muny iz.ru ýetirýär.
Bellenilişine görä, bu platformanyň kömegi bilen diňe bir Aýa we Marsa raketalary uçurmak işi däl-de, eýsem, Ýeriň daşynda gipersesli uçuşlar hem alnyp barlar.
Şunuň bilen birlikde, SpaceX şular ýaly deňiz kosmodromy boýunça işler üçin inžener kadrlaryny ýygnaýandygy barada habar berdi. Deslapky maglumatlar boýunça, SpaceX agyr köp gezeklik SpaceX kosmiki gämisini goýbermek üçin ýüzýän platformalary gurmakçy bolýar. Şeýle uçuşlar gury ýerleriň arasynda 30-40 minutda hereket etmäge mümkinçilik berer.
Häzirki günde SpaceX-iň Falcon 9-dan başlap, diňe köp gezeklik raketalaryň gonmagy üçin suw meýdançalary bar. Wakansiýada “raketalary uçurmak üçin funksional gurluşy taýýarlamak işine we onuň gurluşygyna “ kömek etmäge taýýar bolan inženeriň gerekdigi aýdylýar.
13-nji iýunda SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa-göterijisiniň 58 sany Starlink mikrohemralary orbita çykarandygy habar berildi. Hemralardan başga-da, orbita Planet Labs amerikan kompaniýasynyň ýer üstüne gözegçilik etmek üçin ykjam teleskoply we kameraly üç apparaty SkySat çykaryldy.
Ýanwarda Mask 2050-nji ýyla çenli Marsa million adamy ibermekçi bolýandygyny aýtdy. Ol häzirki asyryň ortalaryna çenli bu planeta günde ortaça üç gämi iberilip bilner diýip umyt edýär. 2019-njy ýylyň sentýabrynda Ilon Mask Marsa we Aýa ýükleri hem kosmonawtlary alyp gitmäge ukyply bolan köp gezeklik kosmiki gäminiň prototipini hödürledi. Kosmiki enjam Starship adyny aldy. Onuň uzynlygy 50 metr, agramy bolsa ýangyjy we ýüki hasap etmezden 120 tonna töweregi. Tanyşdyrylyş wagtynda Mask Starship 100-e çenli adamy alyp gitmäge ukyply we ol Marsyň we Aýyň koloniýalaşdyrylmasy üçin esas bolup hyzmat edip biler diýip aýtdy.

şu gün 11:22
1.2k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
521

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......