Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy

  • 18.06.2020 22:37
  • 7k+

18-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza dolandy. Döwlet Baştutany Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýolugra şähergurluşyk işleriniň barşy, hususan-da, häzirki zaman «Garagum» myhmanhanasynyň hem-de bu ýerde bina edilýän 21-nji ýöriteleşdirilen toplumyň mekdebinde we çagalar bagynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem toplumyň çäginde fitnes we döredijilik merkezi gurulýar.
Geljegimiz bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet endiklerini, asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmek biziň alyp barýan ähli özgertmelerimiziň esasyny düzýär diýip, döwlet Baştutany nygtady we degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşyk işleri bilen içgin tanşyp, bu babatda birnäçe bellikleri we maslahatlary aýtdy.
Milli Liderimiz bu işleriň şu günüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny nygtap, bu babatda degişli ýolbaşçylara işleriň sazlaşygyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi we bu ýerden ugrady.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......