ABŞ amerikan kompaniýalarynyň Huawei bilen işleşmegine gadaganlygy aýyrar

  • 16.06.2020 22:02
  • 3k+

ABŞ-nyň söwda ministrligi 5G aragatnaşyk ulgamyny döretmegiň çäklerinde amerikan kompaniýalarynyň hytaý kompaniýasy Huawei bilen hyzmatdaşlygyna goýlan çäklendirmeleri aýyrjakdygyny tassyklady. Bu barada interfax.ru habar berýär.
Birleşen Ştatlar “hytaý kompaniýasy Huawei bilen biznes alyp barýan amerikan kompaniýalary üçin olara indiki nesliň 5G torlary üçin standartlary döretmegiň üstünde bilelikde iş alyp barmaga mümkinçilik berer ýaly özüniň goýan gadaganlygyny gözden geçirjekdigini” tassyklaýar – diýlip, twitterde ministrligiň habarnamasynda aýdylýar.
Habarnama ABŞ-nyň söwda ministri Uilbur Rossanyň “ABŞ-nyň dünýä innowasiýasynda liderligini elinden gidirmejekdigi” aýdylýan beýannamasy hem berkidilen. Onuň aýtmagyna görä, dünýä normalaryny işläp düzmäge ýurduň gatnaşmagy sürüjisiz ulaglaryň, emeli intellektiň we “beýleki döwrebap tehnologiýalaryň” geljegine täsir eder.
“Ministrlik amerikan senagaty Birleşen Ştatlaryň tehnologiýalaryny dünýä standartyna öwürmek prosesinde doly derejede hereket eder ýaly, ony höweslendirmek ýoly bilen ABŞ-nyň milli howpsuzlygyny we daşary syýasy gyzyklanmalaryny goramaga borçly” – diýlip, Rossanyň beýannamasynda aýdylýar.
Amerikan resmi wekilleriniň nygtamagyna görä, Huawei HHR hökümetiniň gyzyklanmalary bilen işleýär. Hytaý kompaniýasynyň tehnologiýalarynyň beýleki ýurtlar tarapyndan ulanylmagy Pekine döwlet syrlaryna ýol açýar we milli howpsuzlyga howp salýar.
Şunuň bilen baglylykda ABŞ Huawei kompaniýasyny gara sanawa girizdi we amerikan kompaniýalaryna oňa elektron tehnikalarynyň önümçiligi üçin toplumlary satmagy gadagan etdi. Ýöne bu gadaganlygyň güýje girizilmesi ençeme gezek soňa goýuldy.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......