20-nji iýunda Türkmenistanda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahaty geçiriler

  • 15.06.2020 22:46
  • 3.2k+

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň şenbe güni geçiriljek onunjy maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada Milli parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi.
Bu maslahatda deputatlar ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işjeň ösdürilmegine ýardam berýän täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de şunuň bilen baglylykda ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini dessin kesgitlemek boýunça öňde durýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşarlar.
Döwlet Baştutany halk hojalyk toplumynyň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli işleri kanunçylyk taýdan berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Türkmen Lideri bu wezipeleri çözmek üçin Mejlisiň işine halkara nazarýetinde hem-de hukuk işinde toplanylan öňdebaryjy tejribäniň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutany Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahatynyň gün tertibine giriziljek meselelere, olar boýunça kabul ediljek çözgütlere möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu işleriň milli kanunçylygymyzyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglylykda ähmiýetini nygtady.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......