Xiaomi Mi Band 5 magnit zarýadlanmasyna eýe bolar

  • 13.06.2020 23:01
  • 3.5k+

Xiaomi render suratlarynda özüniň Mi Band 5 fitnes-bilezikleriniň daşky görnüşini suratlandyrdy we olarda gurluşyň täze aýratynlygyny görkezdi. Suratlar Weibo internet torunda neşir edildi. Bu barada astera.ru habar berýär.
Mi Band 5 bileziklerinde hytaý öndürijisi bilezigiň ters tarapyndan birikdirilýän magnit zarýadlanmasyny ulanýar. Şeýlelik bilen, ulanyjylara indi bilezigi zarýada goýmak üçin ondan treker modulyny çykarmak gerek däl.
Suratda bilezigiň ekranynyň Mi Band 4 bilen deňeşdirilende 20% ulaldyljakdygy görkezildi. Şeýle ýagdaýda ekranyň diagonaly 1,2 dýuým töweregi bolar. Mi Band 5-de 11 sany sport režimi, Alexa ses kömekçisi we ýürek sazlaşygynyň täze datçigi peýda bolar. Ýagny, Xiaomi ýogadan, küreklemeden, welosiped sürmekden, elliptik maşklaryndan we ýüp bilen bökmekden başlap, ýumuşlaryň köp sany üçin gözegçilik girizer. Reňk görnüşlerinden gara, sary, mämişi we zeýtun-ýaşyl reňkleri bar.
Mundan başga-da, ganyň düzüminde kislorodyň derejesini ölçäp bilmek mümkinçiliginiň bolmagyna garaşylýar. Apple kompaniýasy hem, aýdyşlaryna görä, şeýle funksiýany Apple Watch Series 6 sagatlaryna girizer. Suratlarda kompaniýa Mi Band 5 bileziklerine NFC-niň oturdyljakdygy baradaky informasiýany tassyklady. Bu ähli ulanyjylara gurluşyň kömegi bilen mobil töleglerini amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......