Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

  • 12.06.2020 23:21
  • 4.2k+

12-nji iýunda Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary güýzlük bugdaý oragyna girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna Ministrler Kabinetiniň 29-njy maýda geçirilen mejlisinde ak pata berildi.
Belläp geçsek, toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary 5-nji iýunda girişipdi.
Daşoguz welaýatynyň bugdaý ýetişdirilen meýdany 145 müň gektara barabar bolup, şonça ýerden gallaçylar 265 müň tonna däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar sebitiň toprak-howa şertlerinde özüni oňat görkezen bugdaýyň ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler.
Galla — 2020-de däne orujy kombaýnlaryň 449-sy, esasan, ABŞ-nyň «John Deere» hem-de Germaniýanyň «CLASS» kompaniýalarynyň kombaýnlary ulanylar.
Meýdanlardan ýygnalyp alnan bugdaýy kabul ediş bölümlerine daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 2245-si üpjün eder. Guradylandan we deslapky arassalanandan soň dänäniň bir bölegi tohumlyk üçin goýlar, galan bugdaý bolsa un üçin gaýtadan işleniler, şeýle hem Görogly, Boldumsaz, S.Türkmenbaşy adyndaky we beýleki etraplardaky elewatorlarda saklanylmaga goýlar.
Balkan welaýatynyň gallaçylarynyň döwlet buýurmasy 80 müň tonna dänä barabardyr. Günbatar sebitde 50 müň gektar ýer, esasan, Serdar hem-de Bereket etraplarynyň daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerleri güýzlük bugdaý üçin bölünip berildi.
Bugdaýy kabul ediş bölümlerine daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 900-si üpjün eder. Orak döwründe göçme abatlaýjy-mehaniki toparlaryň 26-sy işlär. Däne orujy kombaýnlaryň bolsa 180-si ulanylar.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......