Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçiriljek Beýik Ýeňşiň dabaralaryna gatnaşar — RF-iň Prezidentiniň metbugat sekretary

  • 11.06.2020 23:23
  • 14k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwada Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşar, diýip Russiýanyň habar beriş serişdeleri RF-iň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň sözlerine salgylanyp habar berýär. Bu barada Turkmenportal belleýär.
Kremliň metbugat sekretary Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, Serbiýa, Horwatiýa, Abhaziýa we Günorta Osetiýa ýaly birnäçe ýurtlaryň Liderleriniň Russiýanyň paýtagtyndaky Ýeňiş paradyna gatnaşýandyklaryny eýýäm tassyklandyklaryny aýtdy.
Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan 9-njy maýdan 24-nji iýuna geçirilipdi. Ol gün 1945-nji ýyldaky dabaraly Ýeňiş ýörişiniň geçirilen günüdir.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......