Türkmenistan Hytaý bilen syýasy geňeşmeleri geçirdi

  • 11.06.2020 23:08
  • 3.4k+

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, hususan-da, halkara guramalaryň ugry boýunça döwletara gatnaşyklaryň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini hem-de onuň ägirt uly kuwwatyna taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändiklerini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň aýratyn wajypdygyny nygtadylar, şeýle hem ýakyn geljekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerine degip geçip, koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy durmaga aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä möçberinde COVID-19-yň ýaýramagyna garşy göreşmekde ylmy diplomatiýanyň gurallaryndan hemmetaraplaýyn peýdalanmak baradaky başlangyçlarynyň ähmiýeti we derwaýyslygy nygtaldy.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......