Huawei 5G gurşawynda patent boýunça dünýä lideri boldy

  • 07.06.2020 22:38
  • 2.9k+

Huawei hytaý kompaniýasy 5G tehnologiýalar gurşawynda berlen patentleriň sany boýunça dünýä lideri boldy, bu barada “China Daily” neşirine salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.
Neşir IPlytics nemes kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen, Huawei kompaniýasynyň paýyna 5G tehnologiýalaryň gurşawyndaky ähli esasy patentleriň 15,05%-niň düşýändigini belläp geçýär. 2020-nji ýylyň iýunyna çenli Huawei bäşinji nesliň mobil aragatnaşygynyň tehnologiýalar gurşawynda 3147 sany esasy patenti (standard-essential patent – SEP) bellige aldyrdy. Bu hytaý ägirdine pudagyň beýleki liderlerinden öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Patentleriň sanynyň reýtinginde Huawei kompaniýasynyň yzyndan ABŞ-nyň Qualcomm kompaniýasy, onuň yzyndan Nokia fin kompaniýasy, Samsung we LG günorta koreý kompaniýalary, şeýle-de HHR-iň ZTE kompaniýasy ýerleşdi.
Gyzykly ýeri, hytaý kompaniýalaryna 5G gurşawynda tutuş dünýä patentleriniň 34,02%-i degişli boldy. 2019-njy maliýe ýylynda Huawei kompaniýasynyň barlag işine we taýýarlama işlerine tas $18,5 milliardy sarp edendigi bellenilip geçilýär, bu görkeziji kompaniýanyň umumy girdejisiniň 15 göteriminden gowragyny tutýar. Maý aýynda Huawei kompaniýasy we Hytaýyň 18 sany awtomobil kompaniýalary 5G tehnologiýasyny awtomobil gurluşygyna bilelikde girizmek barada ylalaşyga gol çekdiler.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......